img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Bilim ministrligi tamamlanmadyk bilim üçin berilýän kepilnamalaryň nusgalaryny tassyklady

290

...

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilimiň anyk derejesini tamamlamadyk, jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synagynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenlere bilim edarasynda okandygy hakynda berilýän kepilnamalaryň nusgalary tassyklanyldy. Degişli buýruk we resminamalaryň nusgalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtynda çap edildi.

Türkmenistanyň bilim ministriniň buýrugy bilen 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji maddasyna ýedinji bölegine laýyklykda, tamamlanmadyk bilim üçin aşakda görkezilen edaralardan alynýan kepilnamalaryň nusgalary tassyklanyldy:

Umumybilim berýän edarasynda okandygy hakynda kepilnamalaryň nusgalary;
Hünär-tehniki okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasy;
Orta hünär okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasy;
Ýokary okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasy.

Ýeri gelende bellesek, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda jemleýji döwlet synaglaryny geçip bilmedik ýa-da kanagatlanarsyz baha alan talyplar 1 ýyldan soň bu synaglary gaýtadan tabşyryp bilýärler.