233
Şu gün paýtagtymyzda beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Ylmy maslahatyň esasy maksady meşhur türkmen şahyry Magtymgulynyň edebi we filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden we wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan halkara maslahatyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirildi.
Şu gezekki foruma ýurdumyzyň ylmy intelligensiýasy bilen birlikde, birnäçe daşary ýurt ýurtlardan, şol sanda Azerbaýjandan, Ermenistandan, Owganystandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Beýik Britaniýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Ispaniýadan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Litwadan, Malaýziýadan, BAE-den, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan ylmy jemgyýetleriň wekilleri hem-de ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylary we wekilleri bar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagy diňlenildi. Gutlagda döwlet baştutanymyz bu maslahatyň dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynam bildirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda belleýşi ýaly, Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. Ussat şahyryň çuňňur parasatly pikirlere ýugrulan goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär, adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyrýar.
Onuň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren beýik taglymatlary, manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňyna hem-de ýüregine täsir edýär. 300 ýyldan bäri çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýän şahyryň baý edebi mirasy ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan ylham çeşmesidir diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.
Daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda Magtymgulynyň golýazma mirasy baradaky ylmy gözlegleriň çäklerinde halkara maslahatyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.