324
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasy Günbatar sebitiň çäklerinde uglewodorod çig mal serişdeleriniň ýerasty gatlaklaryny ýüze çykarmak, olary senagat taýdan özleşdirmek üçin zerur geologiýa-gözleg işlerini durmuşa geçirýärler.
Kärhananyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi, täze tehnologiýalardan, innowasion usullardan ýerlikli peýdalanylmagy hem gazanylýan ýokary önümçilik görkezijileriniň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.
Döwletimiziň tagallasy bilen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ösen seýsmiki stansiýalaryna, kuwwatly ýer sarsdyryjy tehnikalaryna hem-de ýokary tehnologiýaly geofiziki enjamlaryna eýe bolan ekspedisiýanyň zähmet toparlary Günbatar sebitde Ýeriň gyzyl reňkli gatlaklarynda ygtybarly geologiýa-barlag işlerini ýerine ýetirdiler. Bu ýerde işler ýokary hil ülňülerine laýyklykda takyk berjaý edilip, öňde goýlan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelinýär. Has takygy, alynýan seýsmiki maglumatlar esasynda Ýeriň 6-7 müň metr çuňluklardaky gatlaklary içgin öwrenilýär. Şundan soň, degişli maglumatlar korporasiýanyň geologik maglumatlar merkezine ýetirilip, meýdançanyň kartasy taýýarlanylýar. Munuň özi, kämil hil derejesinde ýerine ýetirilen gözleg-barlag işleriň takyklygyna, dürslügine doly derejede güwä geçýär.
Häzirki wagtda balkanly geofizikler Ýeriň miosen gatlagyny işjeň öwrenýärler. Olar Günbatar sebitiň Etrek etrabynda Rüstemgala, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde-de Gulandag meýdançalarynda 2D usulynda seýsmiki gözleg işlerini üstünlikli dowam etdirýärler. Elbetde, bu usul ýeriň degişli gatlaklaryny bir ugur boýunça öwrenmäge mümkinçilik berýär. Welaýatyň Esenguly etrabynda ýerleşýän Porsy meýdançasyndaky şeýle işlerde hem 3D usuly ulanylýar. Seýsmiki gözlegleriň bu usuly bolsa Ýeriň gatlaklaryny ählitaraplaýyn öwrenmäge giň şertleri döredýär. Işler gürrüňi edilýän etrabyň Keýmir meýdançasynda hem oňat görkezijilere beslenip, grawmetrik usulynda alnyp barylýar.
Güýçli depginlerde dowam edýän işleriň häzirki tapgyram Balkan geofizika ekspedisiýasynyň inžener-tehniki işgärleriniň tutanýerli tagallalarynyň ýerine düşýändigini görkezýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagyny ösdürmäge mynasyp goşant goşup, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir gününi ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler.