img
Innovation information center
It is an authorized body that performs
the functions of national information centers
News Articles Events

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Iňlis dili hünärmeni” atly maksatnamasynyň (ELSPEC) çäklerinde tejribe-sapaklary geçirildi.

99

...

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 12-16-sy aralygynda Aşgabat şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Iňlis dili hünärmeni” atly maksatnamasynyň (ELSPEC) çäklerinde bu ýurduň Apland şäheriniň Teýlor uniwersitetiniň professory Nensi Aklesiň alyp barmagynda tejribe-sapaklary geçirildi. Bu okuwlara ýurduň birnäçe okuw jaýlaryň mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri Maýsa Annaýewa we Durdygylyç Mergenow gatnaşdylar. Netijede, tejribe-sapaklaryna gatnaşanlara degişli şahadatnamalary gowşuryldy.