285
Türkmenistanda medeniýetiň we sungatyň üsti bilen dünýä ýüzüniň halklarynyň arasyndaky dost-doganlykly gatnaşyklar barha gülläp, öz lezzetli miwelerini kemala getirýär. Ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan medeni çäreleriň gerimi has-da giňeýär. Bu şanly sene mynasybetli 2024-nji ýylyň 8 — 15-nji apreli aralygynda ýurdumyzda ABŞ-nyň Alýaska ştatynyň «Pipeline Vocal Project» (PVP) atly professional wokal trio toparynyň Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň we Daşaoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hor toparlarynyň bilelikde «Akapella» hepdeliginiň esasynda konsert geçirýändikleri diýseň guwandyryjydyr. Trio topary Adriano Latonio, Molli Diýeni, Liza Hokins ýaly aýdymçylardan ybarat bolup, olar «Akapella» hepdeliginiň çäginde meşhur amerikan we türkmen aýdymlaryny, aýratyn hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary bilelikde ýerine ýetirmegi göz öňüne tutýarlar.
Bu hepdelik şu gün öz işini Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary üçin niýetlenilen ussatlyk sapaklaryndan başlady. Myhmanlary sazçylyk mekdebiniň girelgesinde sazanda talyplar türkmen we dürli daşary ýurt dilleri bolan rus, iňlis, fransuz, italýan dillerinde salamlaşyklary bilen güler ýüzli garşy aldylar. Dabara mynasybetli gurnalan gargy tüýdükçiler, gopuzçylar hem-de bagşylar ansambllary Watanymyzy wasp edýän ajaýyp eserlerini ýerine ýetirmek bilen, türkmeniň milli aýdym-saz sungatynyň üýtgeşik öwüşginleriniň esasynda myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren kitaplarynyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan ybarat bolan kitaplaryň sergisi bilen bir hatarda, dutar, gyjak, gargy tüýdük, gopuz ýaly türkmeniň milli saz gurallary we şaý-sepleri, türkmen halysy, ahalteke atlary ýaly milli baýlyklary barada talyplar gyzykly gürrüňleri bilen ABŞ-ly aýdymçylarda uly gyzyklanma döretdiler.
Soňra PVP wokal trio topary Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Maýa Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky talyp gyzlardan we oglanlardan ybarat bolan garyşyk hor topary bilen ussatlyk sapagyna girişdiler. Ussatlyk sapagyny myhmanlar özara tanyşlykdan başladylar. Olar daşary ýurtlara syýahat etmek we täze zatlary öwrenmek esasynda lezzetli täsir almagy gowy görýändiklerini, Türkmenistana gelip türkmen professional aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga höwes edendiklerini aýdyp, bilelikde hor aýdymlarynyň üstünde işlemek, munuň esasynda tejribe alyşmak, birek-biregiň sungatyny ýakyndan öwrenmek ýaly öňde goýlan maksatlar barada gürrüň berdiler hem-de aýdym-saz sungaty hakynda sorag-jogap alyşdylar.
Talyplara däp bolan adaty hor toparyndan tapawutlylykda häzirki zaman hor toparyna mahsus bolan mikrofonly aýtmak, tans hereketlerini goşmak, saz gurallaryň ornuna adam sesini ulanmak ýaly ençeme aýratynlyklarynyň üstünde durup geçmek bilen wokal trio toparyndaky her aýdymçynyň ýerine ýetirýän wezipesini görkezdiler. Sapakda aýdyma başlamazdan öň, aýdymçylar Molli, Liza, Adriana dagynyň ses gönükmelerini beden maşklary we dem alyş bilen utgaşykly işlemekleri talyplar üçin has-da gyzykly boldy. Sapagyň dowamynda «Under the Sea», «Hey Jude» ýaly amerikan aýdymlary bilelikde ýerine ýetirildi. Ýerine ýetirilen aýdymlaryň türkmen diline terjime edilen görnüşiniň iňlis dili bilen gezekleşdirilip aýdylmagy dost-doganlyk horunyň binýadynyň has-da berkeýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde örän owadan ýaňlandy. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda 2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki konsert türkmen kompozitory Weli Ahmedowyň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden «Gözüm düşdi», «Türkmeniň» atly akapella hor eserleri, «Sweet Caroline-Neil Diamond», «I Wanna Be Like You – Disney» ýaly amerikan aýdymlary hem mekdebiň hor topary bilen bilelikde ýerine ýetirmek üçin saýlanylyp alyndy.
Ussatlyk sapagynyň ahyrynda gelen Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi tarapyndan sagbolsun aýdylyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň halkymyza peşgeş beren «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby ýadygärlik sowgat berildi. Gelen myhmanlar özleriniň Türkmenistana gelip hoşal bolandyklaryny, mekdebiň hor topary bilen işleşmegiň ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrandyklaryny aýdyp, ABŞ bilen Türkmenistanyň dost-doganlyk horuny ýola goýmaga, şeýle hem türkmen sungatyny, medeniýetini ýakyndan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Sähra BAÝRYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet
sazçylyk mekdebiniň mugallymy.