296
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredildi. Olaryň hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine ähli zerur şertler bardyr. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatynda işler giň gerimde alnyp barylýar. Bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermegiň öňdebaryjy tejribelerini bilim işine ornaşdyrmaga gönükdirilen ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hakynda şeýle belleýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr. Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys».
Täze 2024 — 2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 12—17-nji awgustynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygary astynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň garamagyndaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň arasynda usuly-amaly okuwlar geçirilýär. Bu usuly-amaly okuwlary 2024-nji ýylyň 12-nji awgustyndan başlap Aşgabat şäheriniň 127-nji, 170-nji, 132-nji, 29-njy, 114-nji çagalar baglarynda müdirler üçin, 48-nji, 171-nji, 163-nji, 34-nji, 37-nji çagalar baglarynda terbiýeçiler-usulyýetçiler we beýleki bilim işgärler üçin, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň işgärleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň baş hünärmenleri geçirdiler hem-de maslahatlar dowam edýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň baş hünärmenleri Gurbanbagt Baljikowa we Nowruz Garryýew “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, innowasiýa tehnologiýalaryndan dogry peýdalanmak, olaryň peýdaly we zyýanly taraplaryny öwrenmek, şeýle hem “Elektron çagalar bagy (“E-bakja”) dolandyryş ulgamy” barada, onuň maksady we mazmuny, çagalar bagy dolandyryş ulgamynyň esasy düzüm bölekleri, bu ulgamda terbiýeçi bilen ene-atanyň arabaglanyşygy, hasabatlaryň ýerleşdirilmegi hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sanly ulgama geçmekligiň wajyplylygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Häzirki wagtda usuly-amaly okuwlar dowam edýär
Okuw-usuly maslahatyň dowamynda mähriban halkymyzyň röwşen geljegi üçin ähli taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, ýaşlaryň hak howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz hoşallyk sözleri beýan etdiler.
Gurbanbagt Baljikowa
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa maglumat merkeziniň baş hünämeni